Türkmenistan Bitewi logistik merkezi döretmekçi

2-nji iýulda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. «Lapis Lazuli» halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça täze ulag geçelgesini döretmek taslamasy ýakyn goňşular bilen bilelikde amala aşyrylýan strategik taýdan möhüm düzümleýin taslamalaryň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi taslama gatnaşyjy ýurtlara özleriniň sebitiň we yklymlaryň söwda bazarlaryna çykyp bilmeklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge kömek eder. Bu bolsa milli ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew transkontinental üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleýin we halkara söwda–ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ählumumy durnukly ösüşe bütinleý hyzmat etjekdigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganini hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi mähirli mübärekläp, bu forumy gurandyklary üçin öz kärdeşlerine çäksiz minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz ýokary döwlet derejesindäki şu duşuşyga hyzmatdaşlygymyzyň strategik möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik hökmünde garaýandygyny nygtady hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň hem gürrüňsiz, onuň möhüm ugurlarynyň hataryna girýändigini belledi.

Milli Liderimiz gün tertibiniň meselelerine geçmezden ozal, oňa gatnaşyjylaryň ünsüni esasy meselä çekdi. Şol esasy meselesiz hiç bir taslama hem, iň oňat we hoşniýetli başlangyç hem amala aşyrylyp bilinmez. Bu parahatçylykdyr, howpsuzlykdyr, biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukdyr we özara düşünişmekdir.

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň kontinental ýollaryň çatryklarynda ýerleşýän ýurtlardygyny belledi. Biri-birinden uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän biziň döwletlerimiziň çäklerinden gündogarda — Günorta Aziýa we Aziýa Ýuwaş ummany sebitine; günbatarda — Gara we Ortaýer deňizlerine; günortada — Eýranyň üsti bilen Ýakyn Gündogara; demirgazykda – Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen ondan aňryk Baltika deňziniň kenarlaryna çykalgalar bardyr.

Ulag ulgamynda özara arkalaşykly hereket etmegiň meýilnamalarynyň üstünde hereketleriň bellenen ugurlaryny we anyk möhletlerini göz öňünde tutup, netijeli işlemegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen käbir garaýyşlaryny paýlaşdy we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdi.

  • Birinjiden, hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etdi. Bu Merkez geçelgä gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde ýük akymlaryny emele getirmek we olaryň netijeli hereket etmegi üçin bilelikdäki hereketleriň sazlaşykly bolmagyny üpjün etmäge niýetlenendir. Bu teklibi iş ýüzünde amala aşyrmakda ilkinji ädim hökmünde üç taraplaýyn görnüşde – Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan görnüşinde logistik işi utgaşdyrýan düzümi döretmek mümkinçiligine seretmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
  • Ikinjiden, ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag üpjünçilik ulgamlarynyň bolmagy ägirt uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Muňa düşünmek bilen garap, ýükleriň ugradylýan we kabul edilýän ýerlerini: deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini, awtomobil menzillerini mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr.
  • Hormatly Prezidentimiz öz kärdeşlerine häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda birnäçe mümkinçilikleriň bardygy barada habar berdi. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Türkmenistanyň ulag ulgamynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu port nebit guýulýan, parom, ýolagçy we ýük terminallaryny özünde jemleýär. Portuň bir wagtda 17 gämä hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan duralgalarynyň uzynlygy 1 800 metrden gowrakdyr. Port ýylda 400 müň konteýneri we 75 müň ýük ulagyny geçirmegi üpjün edip bilýär. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň umumy geçiriş kuwwaty ýylda 25 — 27 million tonna ýüke barabardyr.
  • Biz Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda Owganystan we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň anyk görnüşlerine seretmäge taýýardyrys. Şol sanda, ammar jaýlaryny, nebit önümleri saklanýan terminallary uzakmöhletleýin kärendä bermek, siziň ýurtlaryňyza ugradylýan ýa-da siziň ýurtlaryňyzdan gelýän ýükleri ýüklemek-düşürmek işlerini amala aşyrmak üçin ýörite ýerleri bölüp bermek meselelerine seretmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
  • Türkmen–owgan serhedindäki «Ymamnazar» gözegçilik geçiriş ýerinde benzini we dizel ýangyjyny saklamak üçin täze toplum guruldy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu toplum Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça türkmen ulag üpjünçilik ulgamlarynyň ýene-de bir möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu toplumdaky terminallarda bir gije-gündizde 44 müň tonna möçberde nebit önümlerini saklamak mümkindir. Şonuň bilen birlikde, bu toplumyň üstünden nebit önümlerini geçirmegiň ýyllyk kuwwaty 540 müň tonna barabardyr.
  • Türkmenistanyň Owganystan bilen döwlet serhedindäki «Serhetabat» geçiriş ýerinde hem harytlary we önümleri üstaşyr geçirmek üçin oňat mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurtlarymyzyň arasynda ýükleriň iri möçberlerde bökdençsiz geçirilmegi üçin, Owganystanyň çäklerinde Akina we Turgundy ilatly ýerlerinde gury ýükler geçirilýän menzilleri döretmek baradaky teklibi goldaýarys. Bu ilatly ýerler agzalyp geçilen türkmen gözegçilik-geçiriş ýerleriniň garşysynda ýerleşýärler. Biz bu işe işjeň gatnaşmaga taýýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
  • Üçünjiden, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça we yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatyny ýöretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Şeýle syýasatyň esasyny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň ählisi üçin deň bolan ýokary derejede amatly ykdysady we maliýe şertlerini döretmäge çalyşmak düzmeli diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
  • Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň üstaşyr geçiriş üçin nyrhlary peseltmek, ýükler saklananda hyzmatlaryň käbir görnüşleri üçin töleglerden boşatmak ýaly dürli ýeňillikleri özara bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşyp biljekdikleri nygtaldy.
  • Dördünjiden, milli Liderimiz «Bitewi äpişge» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň «ASYCUDA» atly ýörite maksatnamasy üstünlikli ulanylýar. Bu maksatnama ýurdumyzyň gümrük gullugy üçin niýetlenendir. Ýurtlarymyzyň gümrük gulluklarynyň arasynda peýdaly tejribäniň alşylmagy tutuş Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça «ýaşyl geçelgäni» döretmäge ýardam eder diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
  • Bäşinjiden, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugrunyň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamak zerurdyr. Onda bar bolan ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlary barada jikme-jik maglumatlary bermeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de munuň ahyrky netijede bu geçelgäniň maýa goýum we täjirçilik babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Soňra milli Liderimiz öz söhbetdeşleriniň ünsüni telekommunikasiýa ugrunda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselä hem çekdi. Habar berlişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan iki möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan —Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we Türkmenbaşy — Siazan ugry boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli kabel aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyny amala aşyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda täze telekommunikasion üstaşyr geçiriş ýoluny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, hyzmatdaşlygyň çeýe üç taraplaýyn görnüşini emele getirmek arkaly goňşy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegi teklip etdi.

Ýene-de okaň

ModigenceVision fiziki AI üçin 3D perception we edge AI çözgütlerini tanyşdyrýar

2025;Hepdelik täleýnama (29-njy dekabr -04-nji ýanwar )

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

LebenGrida ýaşlanýan jemgyýetler üçin AI esasly kognitiw saglyk çözgütlerini tanyşdyrýar

30-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

HIROH maglumat howpsuzlygy boýunça täze nesil smartfonyny tanyşdyrýar

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Digi International sanly saglyk ulgamlary üçin ygtybarly baglanyşyk

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Cearvol eşidiş tehnologiýalarynda täze AI innowasiýalaryny tanyşdyrýar

JSAUX el oýun enjamlary üçin täze nesil aksesuar çözgütlerini tanyşdyrýar

SenseRobot öý şertleri üçin akylly şaşka we go robotlaryny tanyşdyrýar

29-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama