JEMGYÝET

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen söwda dolanyşygy takmynan 2,1 milliard dollar möçberinde boldy. Bu barada Aşgabatda geçirilen ilkinji “Türkmenistan-ÝB” işewürlik forumynda çykyş eden maliýe we ykdysadyýet ministri Mammetguly Astanagulow mälim etdi.

«Türkmenistan bilen ÝB ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy döwletimiziň daşary ykdysady strategiýasynda möhüm orun tutýar. Ýewropa Bileleşigi we oňa agza ýurtlar biziň strategik hyzmatdaşlarymyzdyr» diýip, ol belledi.

Astanagulow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň tas ähli döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýandygyny we söwda, energetika, ulag, ekologiýa hem-de ykdysady ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdarydygyny nygtady. Ministr ÝB-niň bazarlaryna iberilýän türkmen harytlarynyň görnüşleriniň köpelmegini oňyn görkeziji hökmünde häsiýetlendirdi.

Related posts

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 276 raýatyň günäsi geçildi

Ata Watan Eserleri

TOPH we TOP taslamalary boýunça gepleşikler geçirildi

Ata Watan Eserleri

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi