DÜNÝÄ

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Annaýewiň Rumyniýanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Marilena Mladin bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Dünýä gymmatlygy we Türkmenistanyň milli nyşany hökmünde ykrar edilen ahalteke atlarynyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler, şol sanda döwrebap düzüm, «Türkmenatlary» Döwlet birleşiginiň işi hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy barada maglumat berdi.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna aýratyn orun berildi. Bu baýramyň çäklerinde geçirilýän halkara çäreleriniň dünýä derejeli hünärmenleriň arasynda ylmy we hünär alyş-çalyşy üçin täsirli meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gatnaşyklary iş ýüzünde çuňlaşdyrmaga, şol sanda hünärmenleriň özara tejribe alyşmagyna we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi