MEDENIÝET

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby mejlise gatnaşyjylara gowşuryldy hem-de öňde durýan baýramçylyga ajaýyp sowgat boldy.

Taryhy maglumatlara esaslanýan düýpli eser döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň toplumynyň üstüni ýetirdi hem-de türkmen halkynyň geljegine garaýyşlaryny beýan etdi.

Kitapda halkara we milli derejede gol çekilen Bitaraplyk hukuk derejesine degişli esasy resminamalar getirilýär. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyz döwletimiziň geljekki syýasy ösüşini kesgitledi. “Biz ony hemişelik Bitaraplyk hökmünde kabul etdik” diýip, kitabyň awtory Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar bu neşiriň sahypalarynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalarynyň beýan edilýändigini hem-de onuň Bitaraplyk derejesinde ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýändigini nygtadylar.

Alymlar “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabyň häzirki zaman taryhy ylmynyň, filosofiýanyň we syýasatşynaslyk ylmynyň ösüşine aýratyn uly goşant goşjakdygyny belläp, milli Liderimiziň eseriniň bu ugurlarda täze ylmy barlaglara itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň täze eserinde Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýurdumyzyň durmuş ugurly ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekdäki ähmiýeti beýan edilýär. Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň bagtyýar, parahat, abadan we asuda durmuşyny üpjün etdi.

Şeýle hem Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri eseriň awtoryna Hoşallyk hatyny kabul edip, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda mähriban halkymyza şunuň ýaly ajaýyp sowgady üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary