JEMGYÝET

Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen yglan edilen “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Garaşsyz Watanymyz gün-günden gülleýär, gül açýar. Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her günki ösüşleri nusgalykdyr. Bu zatlaryň özi Bitaraplyk derejesiniň pugtalandyrylmagynyň miwesidir.

Hormatly Prezidentimiz: “Hoşniýetli Bitaraplyk, ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir” diýip, Bitaraplygyň  kökleriniň halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekýär. Türkmen halky taryhyň uzak döwründe öz ýaşaýyş-durmuşyna, goňşular bilen gatnaşygyna zerur bolan ynsanperwerlik gymmatlyklaryny döredip biler. Biziň halkymyz ir wagtlardan bäri ata-babalarymyzyň sada-sagdyn ýörelgelere eýerip, öz asyl ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklap, olary durmuşyň ähli ugurlarynda gürrüňsiz ykrar edip gelipdirler. Türkmen halky elmydama agzybirlige we Bitaraplyga ymtylypdyr. Şu hili sagdyn ýörelgeleri jemgyýetiň ýaşaýşynyň we beýleki halklar bilen gatnaşygynyň durnuklylygyna, agzybirligine hyzmatdaşlyga hemaýat edýär. Onuň esasynda ýüze çykýan ýörelgeler we gymmatlyklar diňe bir biziň jemgyýetimiziň ösüşiniň bagtyýarlyk döwri üçin däl, eýsem, adamzadyň häzirki çylşyrymly ösüş döwri üçin hem aýratyn ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň  tagallasy bilen ýurdumyz gün-günden özgerýär, ösýär, kämilleşip beýik derejelere ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistany ösüşiň belent sepgitlerine ýetirmek üçin ähli ugurlarda düýpli özgertmeleri amala aşyrýar. Ýagny, Türkmenistan Watanymyz bilim ulgamynda-da, medeniýet äleminde, sungatda, lukmançylykda, kompýuter tehnologiýasynda dünýäniň ösen döwletleri bilen bäsleşýär.

Diýarymyzda erkana ömür sürýän ildeşlerimiziň her biri eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyna buýsanýar, guwanýar. Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň baky bagtydyr. Bu bagtyň aňyrsynda bolsa, ata-babalarymyzyň yhlasy ýagny, geçmişimize bolan buýsanjymyz bilen birlikde ýurdumyzyň ýagty geljegi hem bar.

Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalarynyň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde bilim babatynda hyzmatdaşlyklar ösdürilýär. Ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audiomateriallary, interaktiw-multimediýa, maksatnamalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Şeýle-de sanly ulgama esaslanyp, teleköpri arkaly okuw sapaklary alnyp barylýar.

 

Kakamyrat Mergenow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi

Arkadag lukmançylyk klasteri “Kids EXPO” sergisinde tanyşdyrylar

Oguljahan Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Ýylyň duşuşygy: Putin bilen Tramp duşuşýar

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Awaza forumynyň netijeleri: sanlar we maglumatlar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady