DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy

2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Tokio şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Masaki Işikawa ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy boýunça okgunly ösdürilýändigi nygtaldy.

«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialoguna gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji sammitiniň geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna üns çekildi.

Söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berip, taraplar häzirki wagtdaky taslamalar we olary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Nebit-gaz we gazhimiýa, elektroenergetika, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Şunda Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň işine uly ähmiýet berilýär. Ol hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Taraplar Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy hem-de onuň çäklerinde 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde guraljak Türkmenistanyň Milli güni dabaralary bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň barşynda ynsanperwer pudagynyň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidigi beýan edildi. Bu babatda bilim, ylym, medeni alyş-çalşygy, ýapon diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi. Şeýle hem, sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri nygtaldy.

* * *

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Hisaýuki Fudziiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşyldy. Taraplar dürli meseleler boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.

* * *

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti Hiroýuki Subaýyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň 2024-nji ýylyň 16-17-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

120 gün suwuň aşagynda ýaşap, rekord goýdy

Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň milli baýramyny gutlady

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygy

Belarusda prezident saýlawlary geçirilýär

Türkmenistanyň Nepaldaky Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy