DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Türkiýe sebit hyzmatdaşlygyny giňelder

2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Erzurum welaýatynyň Häkimi Mehmet Sekmeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar oba hojalyk, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryny öz içine alýan iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başgada, maldarçylyk pudagyndaky iki döwletiň işewürleriniň arsyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, duşuşykda iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky bar bolan ygtybarly gatnaşyklary berkitmek hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine seredildi. Şeýle-de, Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlik artykmaçlyklary nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda kesgitlenen dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Mundan başga-da, türkmen diplomatlary Erzurum şäherinde geçirilýän oba hojalygy we maldarçylyk boýunça halkara sergisiniň işine gatnaşdylar.

Erzurum şäherinde geçirilýän halkara sergisi Türkiýäniň iň uly çäreleriniň biri bolup, Ýewropanyň hem öňdebaryjy ýarmarkalarynyň biri hasaplanylýar. Sergi oba hojalyk we maldarçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge we özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döretýän çäresi hasaplanylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy