MEDENIÝET

Türkmenistan bilen Türkiýe metbugat ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Merdan Gazakbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýe Respublikasynyň resmi habarlar gullugy bolan “Anadoly” agentligine baryp, bu ýerde agentligiň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirdi.

“Anadoly” habarlar gullugynyň global habarlar boýunça direktory Faruk Tokat we beýleki ýolbaşçylar türkmen tarapyna agentligiň işi barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejepow, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Maýa Alimowa, “Watan” gazetiniň baş redaktory Tawus Kakaýewa bar.

Türk tarapy habarlar gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belläp, tejribeleriň özara paýlaşylmagyna taýýardyklaryny bellediler.

Şeýle hem “Anadoly” habarlar gullugynyň wekilleri öz düzüminde “AA” habar akademiýasynyň bardygyny belläp, bu ýerde türkmenistanly žurnalistleriň bilimini kämilleşdirmegi ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Merdan Gazakbaýew hem öz gezeginde “Anadoly” agentliginiň tejribesinden peýdalanmak isleýändiklerini belledi. Şeýle hem türkmen tarapy türkmenistanly ýaş žurnalistleri ýetişdirmek üçin “Anadoly” agentligi bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri