Duşuşygyň barşynda çykyş eden türk ministri Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda güýçli gatnaşyklary bolan iki döwletdigini belledi.
Hakan Fidan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşandygyny belläp, örän netijeli gepleşikleriň geçirilendigini mälim etdi.
Şeýle hem Fidan geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirilendigi, şol möhüm sammitde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatda pikir alşandyklaryny belläp geçdi.
– Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz hakykatdanam gaty güýçli we berkdir. Muny has-da ösdürmek we gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açmak ugrunda tagalla edýäris. Türkiýe bilen Türkmenistan sarsmaz, berk gatnaşyklary bolan iki döwlet we bu iki döwletiň häzirki döwürdäki hyzmatdaşlygy doganlyk gatnaşyklaryny has-da güýçlendirer diýip pikir edýärin – diýip, Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belläp geçdi.
Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň ministrleri Türkmenistan bilen Türkiýänyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekdiler.
Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.