DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Täjigistan bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlarynda gözegçilik edýän orunbasary Nurmuhammet amannepesow bilen duşuşdy. Bu barada Täjigistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Täjigistan bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň köp ugurlary, hususan-da ylym we bilim, saglygy goraýyş we lukmançylyk, sport we ýaşlar syýasaty barada pikir alyşdylar.

Iki dostlukly ýurduň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti hem bellendi we taraplaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy