JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky geňeşmeler

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn-geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew baştutanlyk etdi. Şweýsar wekiliýetine Ilçi, Şweýsariýanyň Daşary işler Federal Departamentiniň Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlary, Ýewropa Geňeşi we ÝHHG boýunça müdirliginiň baştutany Anna Iwkowis Horner ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine syýasy gatnaşyklar ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de BMG, ÝB, ÝHHG we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleler girizildi.

Gepleşikleriň barşynda häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek ugrunda bilelikdäki işleri güýçlendirmek bilen bagly meseleler boýunça işjeň pikir alşyldy. Esasan hem, möhüm ulgam bolup durýan, halkara ulag gatnaşyklarynda utgaşdyrylan çemeleşmeler zerur bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ulag daşamalaryny üpjün etmek meselelerini giňişleýin öz içine alýan başlangyjy bilen çykyş edýär.

Mundan başga-da gatnaşyklaryň täze usullaryny döretmek ýoly bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça işjeň hereketleriň ähmiýeti barada aýratyn bellenilip geçildi. Şeýle hem energiýa we suw diplomatiýasy ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan Türkmenistana geler

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi