BIZNES

Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy 1.6 milliard dollara deň boldy

2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1.6 milliard dollara deň boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkiniň Russiýanyň güni mynasybetli ýerli metbugata beren beýanatynda bellenilip geçilýär.

Ilçiniň bellemegine görä, Russiýa Federasiýasy Tükrmenistanyň iň esasy söwda hyzmatdaşlygynyň ilkinji üçlügine girýär. Şeýle hem ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilikler bar.

Rus ilçisi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda ynsanperwer ugrunyň hem möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanda rus dilinde bilim berýän 71 mekdep hereket edýär.

Wolynkin Rusisýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary köptaraplaýyn esasda hem ösdürilip, muňa Russiýa Federasiýasy bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk formatyny mysal getirmek bolýandygyny belledi.

 

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär