SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Russiýa saglyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Atageldi Germanowyň arasynda wideokonferensiýa arkaly duşuşygy boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň resmi internet sahypasynda habar berlişine görä, Mihail Muraşko derman serişderleriniň üpjünçiligi pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada jikme-jik durup geçdi we Russiýada ýokary hilli we arzan dermanlaryň we lukmançylyk enjamlarynyň köpüsiniň öndürilýändigini aýtdy.

– Häzirki wagtda Russiýanyň derman bazaryndaky dermanlaryň 70 göterimi ýerli dermanlardyr. Ýokary hilli ülňüleri saklamak bilen, köplenç import edilýän derman serişdelerinden arzan. Onkologiki, rewmatologiki ýa-da beýleki kesellerini bejermekde ulanylýan Russiýada innowasiýa dermanlarynyň hem öndürilýär – diýip, ministr belledi.

Mihail Muraşko Atageldi Germanowy Sankt-Peterburg şäherinde bahar paslynda geçiriljek “Jemgyýetiň saglygy” atly foruma gatnaşmaga çagyrdy. Şol forumyň çäklerinde iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk bilimi ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döräp biljekdigini belledi.

Forumyň çäklerinde Sankt-Peterburgdaky Russiýanyň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezlerine baryp görmek mümkinçiligi döräp, şol merkezleriň gazananlaryny tanyşmaga şert döretmek meýilleşdirilýär.

Atageldi Germanow rus kärdeşi Mihail Muraşko çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, russiýaly lukmançylyk ulgamynyň hünärmenlerini hem Türkmenistanda sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny belledi. Türkmen tarapynyň rus lukmançylyk biliminiň hiline ýokary baha berýändigi we onkologiýa, çaga hirurgiýasy we akuşerçilik ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirilýndigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler