JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Özbegistan ulag gatnawlaryny ýeňilleşdirýär

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

8-9-njy awgustda ulag meseleleri boýunça türkmen-özbek iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary A.Muminow we Türkmenistanyň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygynyň orunbasary W.Hojanepesow başlyk etdi. Bu duşuşyga iki ýurduň awtomobil, demirýol, awiasiýa we beýleki edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar öz aralarynda harytlaryň ýol bilen daşalmagyna doly başlamaga, şeýle hem ýük gatnawlarynyň talaplaryny ýönekeýleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Mundan başga-da, taraplar ulag geçelgelerini ösdürmegiň zerurdygyny belläp geçdiler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawlaryny artdyrmak üçin demirýol infrastrukturany kämilleşdirmek we bahalaryň arzanladylmagyny gazanmak babatda pikir alyşdylar.

Özbek tarapy “Türkmenbaşy” halkara deňiz porty arkaly ulag geçelgeleriniň möhümdigini belläp, munuň sebit üçin örän uly ähmiýete eýedigi nazara alnyp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny mälim etdi.

Şeýle hem özbek tarapy iki ýurduň arasynda ýolagçy gatnawlaryny guramak işini işjeňleşdirmegi teklip etdi. Taraplar Aşgabat ylalaşygynyň çäklerinde Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky işleri işjeňleşdirmek boýunça ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär