BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystan söwda gatnaşyklaryny ösdürer

Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolow Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy. Bu barada owgan neşirleri habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar owgan tarapynyň Owganystan-Türkmenistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça ýük gatnamalary işjeňleşdirmäge, şeýle hem owgan miwe, bakja we guradylan önümleriň Türkmenistana eksportuny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň wekili öz gezeginde Türkmenistanyň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we ulag-logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki baş konsuly Batyr Ýolow Türkmenistanyň Nur ul-Jihad podstansiýasynda abatlaýyş işleriniň tamamlanandygy barada habar berdi.

Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar TOPH gaz geçirijisiniň ilerledilmeginiň möhümdigini belläp, Owganystanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň ulag kompaniýalarynyň üçtaraplaýyn duşuşygynyň geçirmegiň hem wajyp bolup durýandygyny aýtdy. Bu duşuşygyň maksady Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan ugry boýunça ýük gatnamalary boýunça pikir alyşmakdan ybarat bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder