DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Owganystan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Kabuldа Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow Owganystanyň energetika we suw hojalygy ministri Abudul Latif Mansur bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň başlygy Myrat Artykow we Türkmenistanyň ilçisi Hoja Owezow gatnaşdy.

Owganystanyň energetika we suw hojalygy ministrliginiň habaryna görä, taraplar aşakdaky ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar:

* Türkmenistandan Kabula 1000 megawatt möçberinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi,
* Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (ТАP-500) elektrik geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak
* TOPH gaz geçiriji taslamasy.

Owganystanyň energetika we suw hojalygy ministri öz ýurdunyň görkezilen taslamalary, şeýle hem suw hojalygy we energetika ösüş taslamalaryny amala aşyrmak üçin zerur utgaşykly hereketlere we hyzmatdaşlyga doly ygrarlydygyny we taýýardygyny belläp geçdi.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň energetika ministri ýurduň gündogar welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titremesi bilen baglanyşykly Owganystanyň suw hojalygy we energetika ministrliginiň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi.

Türkmen tarapy Owganystan bilen hyzmatdaşlygy ýokary baha berdi we Türkmenistanyň ylalaşylan taslamalary durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny mälim etdi. Ol şeýle hem ТOP elektrik geçiriji taslamasynyň öňünden taýýarlyk işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny tassyklady.

Türkmenistanyň energetika ministri şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek we ony goldamak boýunça ilkinji maslahata gatnaşmak üçin Kabulda şäherinde saparda boldy.

6-njy sentýabrda geçirilen foruma Owganystan hökümetiniň wekilleri, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň energetika ministrlikleriniň wekiliýetleri, şeýle hem halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eýranyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanynda hemişelik wekilhanalary açylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Rail 2025» atly Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy