BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystan demirýol ulgamynda täze ähtnamalara gol çekdiler

Owganystanyň demirýol ulaglary boýunça jemgyýetçilik işlerine gözegçilik edýän ministriň orunbasary Mohammad Ishak Sahibzade ýolbaşçylygyndaky tehniki wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Bu barada owgan metbugaty habar berýär.

Owganystanyň demirýol edarasy bilen Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentiliginiö arasynda ylalaşylan ähtnamalara laýyklykda,

  • Turgundi demirýol stansiýasyny giňeltmek
  • Akina-Andhoý demirýolunyň 10 kilometrlik böleginiň gurluşygyny tamamlamak
  • 55 kilometrlik Andhoý-Şibergan demirýol liniýasynyň gurluşygy üçin tehniki-ykdysady esaslanmalary işläp düzmek ýaly işler geçiriler.

Ýakyn döwürde gazanylan ähtnamalara laýyklykda, anyk şertnamalara gol çekilip, taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan köp ýyllardan bäri Owganystanyň demirýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna özüniň saldamly goşandyny goşup gelýär. Häzirki wagtda Turgundi demirýol stansiýasynyň çäklerinde ammar toplumynyň, şeýle hem Türgundi-Hyrat demirýolunyň birinji bölegi bolan 22 kilometrlik Turgundi-Sanabar ugrunyň gurluşygy alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär