BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystan 10 şertnama gol çekişdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky hususy pudagyň wekilleri Owganystanyň Hyrat welaýatynda saparda boldular.

Owgan metbugatynyň habaryna görä, bu saparyň çäklerinde 10 şertnama we 2 sany özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Gol çekişmek dabarasyna Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nuriddin Azizi hem gatnaşdy.

Owgan ministri bu ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary giňletmek üçin örän gowy mümkinçilige öwrüljekdigini belledi.

Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri bu sapary Owganystanyň hususy pudagy bilen ykdysady gatnaşyklary giňletmekden ybarat boldy. Bu saparda soňra türkmen tarapynyň Owganystanyň senagatçylarynyň öndürýän gurluşyk harytlaryny satyn almagy göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder