JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Oman hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyldy

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, oman tarapyna – Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Saýýid Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-oman gatnaşyklaryna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ilerledilmeginde ýokary derejedäki özara hereketleriň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler. Sebit we halkara düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, taraplar parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ykdysady ösüşiň saklanylmagy ugrunda garaýyşlarynyň birmeňzeşligini tassykladylar. Muňa iki ýurduň BMG-niň, YHG-nyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerindäki özara hereketleri hem şaýatlyk edýändir.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Diplomatlar ýurtlaryň ikisiniň hem özboluşly geografiki ýerleşişiniň bardygyny we Demirgazyk-Günorta hem-de Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginiň möhüm çatrygy bolup durýandyklaryny belläp geçdiler. Bu ugurda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi baradaky Ylalaşyk hyzmatdaşlygyň görnetin mysallarynyň biri bolup durýandyr. Taraplar bu gatnaşyklaryň ýurtlaryň arasyndaky özara hereketleriň pugtalandyrylmagy we sebitleýin integrasiýa üçin aýratyn derwaýyslygy barada hem söhbet etdiler.

Diplomatlar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Resminamalaryň taslamalarynyň häzirki ýagdaýyna seredilip geçildi. Iki ýurduň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy, çünki ol söwda gatnaşyklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine oňyn itergi berer.

Taraplar häzirki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda bilim we medeni ulgamlaryndaky özara alyşyk maksatnamalaryny ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Saglygy goraýyş we lukmançylyk ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we tejribeleri alyşmagyň mümkinçilikleriniň giňledilmegine hem seredilip geçildi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi