2024-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Maslahatda deputatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de kabul etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglanyşykly kabul edilen «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny diňe bir energetika pudagynyň däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagyna we netijeli peýdalanylmagyna ýardam eder.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlardan ugur alnyp taýýarlanylan we kabul edilen «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge, türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmäge hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmaga, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.
Deputatlar «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar. Bu Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ulag-logistika baradaky işleri hukuk taýdan düzgünleşdirýär.
Kabul edilen «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzda degişli ulgamlaryň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine mümkinçilik döreder.
Şeýle hem kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» kanunda maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny has-da höweslendirmek hem-de dünýä tejribesinde kabul edilen kadalara laýyk getirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adynyň we «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adynyň Düzgünnamalaryny kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy. Munuň özi mümkinçilikleri çäkli hem-de maýyplygy bolan adamlaryň sport bilen meşgullanmagyny höweslendirmekde uly ýardam eder.