BIZNES

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2 milliard 598 million 884 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär.

Diňe şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanşygy 818 million 207 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Hasabat döwründe Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 385 million 944 müň ABŞ dollaryna barabar bolan önüm iberdi. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistan takmynan 212 million 940 müň ABŞ dollaryna deň bolan hytaý harytlaryny import etdi.

Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder