BIZNES

Türkmenistan bilen Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gönükdirilen mejlise gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň Energetika müdirliginiň başlygy Ç.Szýanhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Yzygiderli esasda geçirilýän gepleşikler taraplaryň şol mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmaga çalyşýandyklaryna şaýatlyk edýär. Hytaý tarapynyň wekilleriniň türkmen kärdeşleri bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda energetika pudagynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meseleler barada gürrüň edildi. Taraplar alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýyna syn berip, geljekki mümkinçilikler hakynda pikir alyşdylar.

Mejlisde türkmen tarapynyň wekilleri özara gatnaşyklary has-da ilerletmek maksady bilen, hytaýly kärdeşlerine birnäçe teklipleri beýan etdiler.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň ahyrynda degişli Teswirnama gol çekildi. Bu resminama energetika pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin şu gezekki geçirilen gepleşiklerde garalan meseleler boýunça alnyp barylmaly işleri özünde jemleýär.

Mälim bolşy ýaly, 14 ýyl mundan ozal ulanmaga berlen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygynyň aýdyň miwesi. Hytaýyň metbugatyna görä, 14 ýyldan gowrak döwürde bu gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 500 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz iberildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň 3 bankynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdiriler

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan – Belarus: halkara sergiler boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türk ilçisi: energetika Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugry

Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistan erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

Täjigistanyň ykdysady ösüşi 8,4 göterime deň boldy