DÜNÝÄ

Turkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary boýunça dokumental film surata düşüriler

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedowyň belli gruzin režissýory T.Malaniýa bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek giň gerimli halkara çäreler barada maglumat berdi.

Taraplar dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlyk hakynda dokumental film döretmek bilen bagly meseleleri hem maslahatlaşdylar.

Film Gruziýanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde döredilip, iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-energetika, şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň gazanan üstünliklerini özünde jemlär.

Taraplar munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek ýolundaky ýene-de bir ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar