JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşyk taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bellenildi. Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürlik toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Mundan başga-da, dünýäniň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna pandemiýanyň ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda taraplar global pandemiýanyň milli ykdysadyýetiň önümçilik ulgamlaryna ýetirýän täsiriniň azaldylmagy, iş ýerleriniň saklanylmagy we ilatyň ejiz gatlaklarynyň gorap saklanylmagy boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylan hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň birnäçesi barada nygtap geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda taraplar maýa goýmak, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi, taslamalaýyn we düzümleýin maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlygyň beýleki dürli ugurlaryna seredip geçmäge taýýardygyny bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we San-Marinonyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine uly ähmiýet berýär

Türkmenistanyň we Tunisiň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Hazaryň kenarynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy açyldy

Ata Watan Eserleri

“Makul habar” elektron gazeti (28-sany)

Ata Watan Eserleri

“Azertag”: Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan sapary türkmen metbugatynda