BIZNES

Türkmenistan bilen Eýranyň haryt dolanyşygy 79 göterim artdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna 2 günlük resmi saparynyň başlanmagyna garaşylýar.

Eýranyň metbugatynda bu saparyň öňüsyrasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara syn berlip, şol synda ykdysady gatnaşyklara hem orun berlipdir.

IRNA habarlar gullugynda, soňky bir ýylda Türkmenistan bilen Eýranyň haryt dolanyşygy 1 million 14 müň tonna bolup, umumy bahasy 300 million dollara deň boldy.

Eýranyň Gümrük gullugynyň berýän habayrna görä, soňky ýylyň dowamynda nebit önümleri hasaba alynmazdan, haryt dolanyşygyny 1 million 14 müň 474 tonna, ýagny pul birliginde 299 million 728 müň 535 dollar möçberinde bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 79 göterim ösüş gazanyldy.

Eýranyň Türkmenistana eksport eden esasy harytlary: süýt önümleri, oba hojalyk önümleri, miwe, gury ir-iýmişler, azyk önümleri, miweli şireli suwlar, süýji önümleri, gurluşyk materiallary, gap-gaç arassalaýjy himiki harytlar, arassaçylyk we kosmetika önümleri, senagat ýagy, bitum, nebit önümleri, nebithimiýa önümleri, örtükler, gara metaldan ýasalan önümler, senagat tehnikalar, gaç-gaçlar, egin-eşikler, aýakgap, matalar, aksessuarlar, elektronika.

Türkmenistandan bolsa Eýrana mata, ýüň, pagta ýüpligi, künji, minerallar, deri we beýleki önümler iberildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýrana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyklara we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekiler.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna saparyna taýýarlyk görülýär

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy

Azerbaýjan, Hytaý we Gazagystan Baku portunda ýük terminalyny gurar

Ata Watan Eserleri

Akylly gaz toruny dolandyrmakda emeli intellekt mümkinçilikleri ulanylar

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş

Ata Watan Eserleri

«ADIPEC-2024» halkara sergide we konferensiýada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy tanyşdyryldy