DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Eswatini hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda ösdürer

Türkmenistan bilen Eswatini ykdysady we tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda birnäçe gepleşikler geçirdi. Türkmenistan bilen Eswatiniň ýokary derejeli gepleşikleri Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde geçirildi, özara ykdysady we tehnologik ösüşi goldamak maksady bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň başlangyjy hökmünde ähmiýetli boldy.

“Eswatini Observer” neşiriniň habarçysynyň maglumatyna görä, Eswatiniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Folile Şakantu tarapyndan geçirilen gepleşikler iki ýurduň arasynda köp ugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly boldy.

Gepleşiklerde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, oba hojalygy, dag-magdan senagaty, gaýtadan işleýän senagat, infrastruktura we energetika ýaly birnäçe esasy hyzmatdaşlyk ugurlary bellenilip geçildi.

Eswatiniň wekiliýetine maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ministri Sawanna Maziýa, söwda, senagat we täjirçilik ministri Mankoba Humalo, jemgyýetçilik işleri we ulag ministri Ndlaluhlaza Ndwandwe, BMG-däki ilçisi Tami Dlamini we Patyşalyk kanselýariýasynyň baş hünärmeni Mgwaga Gamedze goşuldy. Olar Türkmenistan bilen tejribe alyşmagyň bu pudaklary ösdürmekde uly mümkinçilik döreder diýip beýan etdiler.

Eswatini kosmos we emeli hemra tehnologiýalary, maglumat merkezi we SIM-karta, elektron enjamlary ýaly çylşyrymly önümleri öndürmek babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirdi. Bu ylalaşygy resmi taýdan tassyklamak üçin Eswatini daşary işler ministrligi arkaly resmi gatnaşyklary ýola goýmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Eswatini Türkmenistanda noýabr aýynda geçiriljek maglumat tehnologiýalary sergisine gatnaşmagy göz öňünde tutýar.

Energetika we infrastruktura ösdürmek hem gepleşikleriň esasy ugurlary boldy. Eswatini öz strategik ýerini ulanyp, türkmen bitumyny sebit bazarlaryna ýerlemegi teklip etdi. Wekiliýet Türkmenistandaky haryt-çig mal biržasy bilen gyzyklanyp, söwda mümkinçiliklerini öwrenmek üçin goşmaça maglumat talap etdi.

Dokma söwdasy hem möhüm hyzmatdaşlyk ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Eswatiniň wekiliýeti Türkmenistandan pagta import etmek bilen gyzyklanyp, dokma pudagyny güýçlendirmek üçin hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi. Oba hojalygynda Eswatini öz oba önümlerini eksport etmek we Türkmenistandan bugdaý hem tüwi import etmek mümkinçiligini öwrenmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem, şeker senagatyny Türkmenistana eksport üçin mümkinçilik hökmünde görkezdi.

Dag-magdan senagaty goşmaça mümkinçilikleri açýar. Eswatini Türkmenistany ýurduň demir magdanlary we ýokary hilli kömür ýaly baý mineral serişdelerini öwrenmäge çagyrdy. Nebit pudagynda gepleşikler çig mal arkaly ýangyç üpjünçiligini üpjün etmek barada boldy, hem-de taraplar bu meselede hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistan Eswatiniň tekliplerine ýokary baha berip, resmi hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ylalaşyk arkaly tassyklamaga taýýardygyny aýtdy. Türkmen tarap kosmos we emeli hemra tehnologiýalary, maglumat merkezleri we innowasion önümçilikde hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdi. Türkmen tarap Eswatiniň bitum, dokma senagaty we ýangyç üpjünçiligi boýunça gyzyklanmasyny hem-de haryt-çig mal biržasy barada jikme-jik maglumat bermäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistan Eswatiniň gandyny eksport etmek mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi we bu ugurlarda netijeli pikir alyşmagy ýokary baha berdi.

Ministr Şakantu gepleşikleri “peýdaly gatnaşyklar başlangyjy” hökmünde häsiýetlendirdi we täze ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Awazadaky forumyna Eswatini Patyşalygy iň ýokary derejede wekilçilik etdi. Eswatini Patyşalygynyň Patyşasy Mswati III ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Awazadaky foruma işjeň gatnaşdy. Forumyň çäklerinde Türkmenistn bilen Eswatininiň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky teswirnama hem gol çekildi.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi