Aşgabatda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi. Türkmenistanyň agentlikleri we kärhanalary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk babatda möhüm ylalaşyklar baglaşdylar.
Gol çekilen ylalaşyklar:
- “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Hytaýyň Raýat inžener-gurluşyk korporasiýasy bilen Türkmenistanyň demorýol infrastrukturasyny elektrifikasiýalaşdyrmak, döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek taslamalary boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdi. “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Demirýolary” AGPJ-niň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
- “Türkmenistan” awiakompaniýasy Germaniýanyň “Lufthansa Consulting GmbH” kompaniýasy bilen tehniki hyzmat, abatlaýyş, şeýle hem ýük gatnawlayr babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdi.
- “Deňiz söwda floty” ÝGPJ bilen Gazagystanyň “Port Kuryk” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda deňiz ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekildi.
- Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty bilen Özbegistan Respublikasynyň “Uztemirelkonteýner” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
- “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň “China Machinery Engineering Corporation (CMEC)” korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
- Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi bilen Owganystanyň Ýük ekspeditorlary kompaniýalar assosiasiýasynyň (AAFCO) arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
- Şeýle hem Türkmenistanyň hususy ulag kompaniýalary bilen daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň arasynda dürli ylalaşyklara we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi.
Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan: Hazar geçelgesi has-da güýçlendiriler