JEMGYÝET

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleriniň hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli syny taýýarlamak üçin bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bagly meselelere garadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň DÖM-lere ýetmekdäki häzirki ösüşi; statistiki maglumatlary ýygnamak we seljermek gurallary; döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň we raýat jemgyýetiniň syny taýýarlamaga gatnaşmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aýratyn üns pudagara hyzmatdaşlygy berkitmegiň we has netijeli hasabat taýýarlamak üçin halkara tejribesini ulanmagyň zerurdygyna gönükdirildi. Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginde Meýletin milli synyň täze tapgyrdygy hem-de gazanylan netijeleri bahalandyrmak üçin möhüm guraldygy bellenildi.

Şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlygyň amaly ugurlary maslahatlaşyldy. Taraplar ýaşlar syýasaty ulgamynda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar. Ýaşlaryň uzak möhletleýin ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeleýändigi we olaryň işjeň gatnaşmagynyň durnukly ösüşiň möhüm şertidigi bellenildi.

Mejlisiň barşynda daşky gurşaw meselelerine, aýratyn-da metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça meselelere aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar metan zyňyndylaryny azaltmagyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde we ekologiki ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Mejlisiň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy;

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy.

Ýene-de okaň

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri