DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Bahreýn energetika pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bahreýn Patyşalygynda saparda bolup, birnäçe gepleşikler geçirýär.

Türkmen wekiliýeti saparynyň çäklerinde Bahreýn Patyşalygynyň energetika we nebithimiýa pudagynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirdi.

“TradeArabia” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Bahreýn bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady we maýa goýum işjeňligini güýçlendirmek, hususan-da energetika we nebithimiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bahreýniň 3 iri kompaniýasyny öz içine alýan – “Bahrain Petroleum Company” (BAPCO), “Gulf Petrochemical Industries Co (GPIC)” we “Tatweer Petroleum” kompaniýalaryna gözegçilik edýän “Nogaholding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlyk ugurlary göz öňünde tutulyp, gepleşikler geçirildi.

Türkmen tarapyndan bu duşuşyga  Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdirýetiniň başlygy, “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasarlary we beýleki resmi adamlar gatnaşdy.

Bahreýn tarapynyň wekilleri Bahreýniň energetika pudagynyň ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde görýän beýleki ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen strategiki maýa goýumlaryny we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Türkmen wekiliýeti Bahreýn Patyşalygynyň energetika pudagynyň ösüşine ýokary baha berdi we bilelikdäki taslamalary hem-de hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem, Bahreýniň GPIC kompaniýasynyň baş direktory Ýasser Abdul Rahim Al Abbasi we ýerine ýetiriji dolandyryş toparynyň beýleki agzalary bilen duşuşyk geçirilip, şol ýerde iki sany taslama – metanol zawodyny hem-de ammiak we karbamid zawodyny gurmak meselesinde Türkmenistanda maýa goýum mümkinçilikleri barada pikir alyşdy.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi

Halkara zenanlar güni: Türkmenistanyň we Eýranyň zenanlarynyň duşuşygy

Russiýa ABŞ-a täze ilçi belledi

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda halkara simpoziumyna gatnaşdy

4 ýurduň nebit kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri