JEMGYÝET

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda geňeşmeler geçirildi

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklaryň guramaçylygynyň netijeli gural bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Diplomatlar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugrunyň hem işjeň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, ýurtlaryň halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygyny nygtadylar. Mundan başga-da, iki döwletiň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek boýunça meselelere seredildi.

Şeýle hem dünýäde ýüze çykan pandemiýanyň sebitde hem-de dünýäde täsiriniň ýeňilip geçilmegi ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara giňişliginde öňe süren teklipleri dogrusynda bellenilip geçildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda gürrüň etmek bilen taraplar bu ugurda özarahereketleri giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-emirlikler toparynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň aýratyn möhüm bolup durýandygy barada aýdyp, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has hem ýygjamlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri