BIZNES

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň söwda hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda hökümetara toparynyň 8-nji mejlisinde söwda, energetika, ulag, senagat, işewürlik, oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň, şeýle-de özara maýa goýumlaryň ösüşi barada pikir alşyldy.

Bakuda Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew başlyklyk etdi.

Azerbaýjanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berk taryhy esaslara, medeni ýakynlyga hem-de iki doganlyk halkyň özara hormatyna daýanýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ýokary derejeli ynam we özara düşünişmegiň hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan möhüm bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirýärler. Iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag we ynsanperwer gatnaşyklary öz içine alýan giň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Türkmenistan bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Azerbaýjanda senagat, ulag, gurluşyk, söwda we hyzmat ugurlarynda türkmen paýly 75 kompaniýanyň işleýändigi mälim edildi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýurtlaryň uly mümkinçilige eýedigi nygtaldy. Energiýa eksporty üçin ösen infrastruktura eýe bolan Azerbaýjan özara bähbitli hyzmatdaşlyk mehanizmleri boýunça pikir alyşmaga taýýardyr.

Türkmenistan bilen “Gündogar–Günbatar” ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi hem-de Orta geçelgäniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy babatynda hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir. Iki ýurduň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberi soňky ýyllarda durnukly ösüş görkezýär. Geçen ýylyň jemleri boýunça bu görkeziji 2 million tonnadan geçdi, şu ýylyň birinji ýarymynda bolsa 1 million tonnadan gowrak boldy.

Iki ýurduň arasynda söwda, energetika, senagat sebitleri, ulag, işewürlik, oba hojalygy we Alat erkin ykdysady zolagy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Mejliste Azerbaýjanyň ykdysady ösüş görkezijileri, maýa goýum we işewürlik üçin amatly şertleri, ulag-logistika mümkinçilikleri, şeýle-de Zengezur geçelgesiniň perspektiwalary bilen baglanyşykly maglumat berildi. Işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ähmiýeti nygtaldy we türkmen maýadarlary işjeň hyzmatdaşlyga çagyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Azerbaýjan bilen dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky pikirlerini paýlaşdy.

Çäräniň dowamynda dürli ugurlarda bilelikdäki işleriň mümkinçilikleri, ykdysady hyzmatdaşlyga degişli başlangyçlar boýunça pikir alyşyldy.

Mejlisiň ahyrynda hökümetara toparynyň 8-nji mejlisiniň jemlerine degişli teswirnamasy gol çekildi. Resminama Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew tarapyndan gol çekildi. Resminamada ykdysady-söwda, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmagy meýilleşdirilýär

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty «deňiz derwezesi» ornuny berkidýär

Maliýe pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry