JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Astrahanyň hyzmatdaşlygy berkeýär

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Ýu.Babuşkiniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar RF bilen gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýän, Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça gazanylan tejribeler babatynda hem bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň “deňiz derejeleriniň” berýän mümkinçilikleri dogrusynda aýratyn nygtap geçdiler. Hususan-da, gämi gurluşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribeleriniň üstünde durlup geçildi hem-de bu ugurda özara hereketleriň geljekde hem ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem Türkmenbaşy we Olýa Halkara deňiz portlarynyň arasyndaky awtoparom gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy giňletmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň bazaryna Astrahan öndürijileriniň önümlerini çykarmak, Astrahan oblastyny bolsa Türkmenistanda öndürilen harytlar bilen üpjün etmegi gurnamak meseleleri babatda pikir alşyldy.

Mundan başga-da taraplar Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda bilim ulgamynda hem işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady