DÜNÝÄ

Türkmenistan-BAE: ýaş diplomatlar üçin diplomatik okuwlary guralar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň (BAE) baş direktory Nikolaý Mladenow bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda R.Meredow bu saparyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasyndaky bilim pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ministr Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Diplomatik akademiýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp düzmek we soňra oňa gol çekmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Taraplaryň pikirine görä, özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryndan biri talyp alyşmak tejribesini ornaşdyrmak, ýaş diplomatlar üçin diplomatik okuwlary guramak, bilelikdäki bilim taslamalaryna we maksatnamalaryna gatnaşmakdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi