SPORT

Türkmenistan Aziýa oýunlarynda 5-nji medalyny gazandy

Türkmenistanly boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow şu günler Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde geçirilýän 19-njy Aziýa oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen türgeni aýgytlaýjy tutluşygyny «Aziýa oýunlary — 2018-iň» çärýek finalçysy, taýwanly türgen Kan Çia Wei bilen geçirdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Boks şu oýunlarda iň gowulara «Pariž — 2024-e» ýollanma berýän 9 sport görnüşiniň biri. Şonuň üçin hem boks boýunça ýaryşlara gyzyklanma uly boldy. Şeýlelikde, Baýramdurdy Nurmuhammedow diňe bir bürünç medal gazanmak bilen çäklenmän, Parižde çykyş etmek mümkinçiligini hem artdyrdy.

Magtymguly etrabynda önüp-ösen 21 ýaşly boksçy oýunlardaky ilkinji tutluşygynda «Daşkent — 2023» dünýä çempionatyna gatnaşyjy täjigistanly garşydaşy Dawud Mahkamowy 5:0 hasabynda ýeňdi. Soňra ol palestinaly Nidal Fokaha bilen mongoliýaly Tuguldur Býambatsgotdan hem üstün çykdy. Kan Çia Wei bolsa ýarym finaldan öň gyrgyzystanly Nuradin Rustambeg, şri-lankaly Niraja Galani Gamageni we malaýziýaly Bin Çe Azmi Mohd Aswany ýaryşdan çykaryp, türkmenistanly boksçynyň garşysyna çykdy.

Şeýlelikde, Baýramdurdy Nurmuhammedow şu gezekki Aziýa oýunlarynda medal gazanan bäşinji türkmen türgeni boldy. Ondan ozal kuraş boýunça Tejen Tejenow bilen Işanmyrat Ataýew kümüş, Aýnur Amanowa bolsa bürünç medal gazanypdy. Dzýudoçy Maýsa Pardaýewa hem ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler