Şu ýylyň alty aýynda Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasyna iberýän tebigy gazyň eksport möçberini artdyrdy. Bu barada Azerbaýjanyň döwlet statistika edarasy habar berýär.
Hasabat döwründe Türkmenistan Azerbaýjana 732 million kubmetr tebigy gaz iberdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende birnäçe esse ýokarydyr. Şol döwürde 292 million kubmetr türkmen “mawy ýangyjy” iberilipdir.
2022-nji ýyldan bäri Türkmenistan Azerbaýjana tebigy gaz iberýän iň iri ýurtlaryň biridir. Ol Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň arasyndaky tebigy gaz alyş-çalyş şertnamasy esasynda amala aşyrylýar.
Geçen ýyl Azerbaýjan Türkmenistandan 857 million kubmetr, Russiýadan 93.2 million kubmetr we Eýrandan 66 million kubmetr tebigy gaz satyn aldy.
