BIZNES

Türkmenistan Azerbaýjana benzin eksport etmekde 2-nji orunda durýar

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyna eksport eden benzininiň möçberi 37 müň tonna barabar boldy. Bu görkeziji bilen Türkmenistan Russiýadan soňra Azerbaýjana benzin eksport etmekde 2-nji orunda durýar.

“Interfaks Azerbaýjan” internet neşiriniň habar bermegine görä, Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda “AI-92” marka benziniň 36 müň 571 tonnasyny Azerbaýjan Respublikasyna iberdi.

Degişli hasabat döwründe Türkmenistanyň eksport eden “AI-92” marka benziniň bahasy 41,73 million dollara deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Russiýadan soňra Azerbaýjana ýangyjyň bu görnüşini ibermekde 2-nji orny eýeledi.

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjan 150.8 müň tonna “AI-92” marka benzin import edip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30,2 esse köpdür.

Pul serişdeleri bilen beýan edilende, 173.4 million dollardan gowrak “AI-92” marka benzin import edildi. Ýangyjyň bu görnüşi Azerbaýjanda Geýdar Aliýew adyndaky Bakuwyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem öndürilýär.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär