SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Russiýa ugurly gatnawlaryň biletleri satylyp başlandy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýa Federasiýasynyň şäherlerinden Türkmenistana amala aşyryljak uçar gatnawlarynyň biletleriniň satuwa çykarylýandygyny mälim etdi. Bu barada awiakompaniýanyň Rusisýadaky wekilliginiň “www.turkmenistanairlines.ru” internet sahypasynda habar berilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinden Türkmenbaşy şäherine hem-de Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinden Türkmenabat şäherinde adaty gatnawlaryny dowam etdirýär.

Bu ugurlar boýunça gatnawlaryň uçuş rejesi şeýle:

1. Moskwa-Türkmenbaşy
а)T5704 – çarşenbe günleri uçuş 00:15, gonuş 05:35
b)T5710- anna günleri uçuş 10:35, gonuş 15:55

2. Kazan-Türkmenabat
а) T5736 – duşenbe günleri uçuş 00:35, gonuş 06:05
b) T5738 – penşenbe günleri uçuş 11:00, gonuş 16:30

Awiabiletleri “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş wekilliginiň “www.turkmenistanairlines.ru” internet saýtyndan, wekilligiň “avia@itmgroup.ru” elektron poçtasyna ýüz tutmak  ýa-da  +7-812-459-98-99 telefon belgisine jaň etmek arkaly satyn alyp bolar.

Şeýle hem awiabiletler şu aşakdaky salgylarda satylýar:

1.Sankt-Peterburg

Aleksandr Newskiý meýdançasy, “Moskwa” myhmanhanasynyň binasy 3-nji geçelge, 1-nji gat.
+7-931-222-12-66
avialed.ticketing@gmail.com
https://vk.ru/public217310341
Duşanbe-Anna günleri 10 – 19

2.Moskwa 
Domodedowo aeroporty, halkara uçuş zaly, 49-njy kassa
+7-903-243-22-50
aviastar2012@mail.ru
Her gün 10 – 19

3.Kazan 

Kozýa Sloboda, Dekabristler köçesi 85-nji jaýy, “Relita”, ikinji gaty, 210 M otagy
+7-843-500-55-31
Duşenbe-Anna 09 – 18

Şeýle hem başga gyzyklandyrýan habarlary Baş wekilligiň şu aşakdaky belgilerinden habarlaşyp bolar:
+7-812-459-98-99
avia@itmgroup.ru
Her gün 10 – 19

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 1-nji fewraldan “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenistanyň raýatlary üçin halkara gatnawlaryň awiabiletlerini 30 göterim arzanladýar. Bu gatnawlar Aşgabat-Dubaý, Aşgabat-Kazan, Aşgabat-Moskwa we Aşgabat-Stambul ugurlarydyr.

Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, Rysgal bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän Makul Hyzmat Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigňizi ýatlatmak isleýäris. 

Habarlaşmak üçin : 863 78 96 73 / 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com 

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy