SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara gatnawlarynyň täze ugurlary açylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy yzygiderli tertipde amala aşyryljak halkara ýolagçy we ýük gatnawlarynyň ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy Döwran Saburow Aşgabatda geçirilen halkara ulag forumynda belläp geçdi.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Seul (Günorta Koreýa), Tokio (Ýaponiýa), Milan (Italiýa), Jidde (Saud Arabystany), Hoşimin we Hanoý (Wýetnam) ugurlary boýunça halkara uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maksat edinýär.

Ol ýurduň raýat awiasiýa pudagynyň maksatlarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin döwlet tarapyndan 700 million dollar möçberinde maýa goýumlaryň gönükdirilendigini belledi.

Döwran Saburow tutuş dünýädäki durnuksyzlyga garamazdan, 2023-nji ýylda umumy ýolagçy gatnatmalarynyň 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 168.78 göterim, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa, 136.3 göterim artmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem agentligiň ýolbaşçysy ýük gatnatmalarynyň garaşylýan ösüş depgini 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 155.4 göterim, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa, 112.7göterim bolar.

Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň ýük howa gämileriniň üsti “Airbus A330-200 P2E” kysymly uçarlar bilen dolduryldy.

Bu uçarlar Günorta Koreýa, Wýetnam, Türkiýe, Hytaý, BAe, Russiýa Federasiýasy, Ýewropa ýurtlaryndan – Germaniýa, Çehiýa we Fransiýa ýaly ýurtlarynda ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady.

Şeýle hem Tokio (Ýaponiýa), Milan (Italiýa) we Gonkong (Hytaý) ýaly ugurlar boýunça ýük gatnawlarynyň açylmagy meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýük gatnatmalaryň möçberi 2 esse artyp, ýyllyk ýük dolanyşygynyň 60 müň tonna çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Umuman, Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň derejesini goldamak maksady bilen 3 milliard dollardan gowrak maýa goýumlary gönükdirildi.

Ýene-de okaň

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler