BIZNES

Türkmenistan Astrahanda logistika merkezi döreder

«Interfaks» habarlar agentligi Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri Ilýa Wolynskiýniň sözlerine salgylanyp, ýakyn iki ýylyň dowamynda Astrahan sebitindäki kenarýaka erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediljekdigini habar berdi.

Ministr bu barada aýtmak bilen: «Geografiki taýdan bu merkez sebitiň kenarýaka erkin ykdysady zolagynda, ýagny Olýa portunda ýerleşer. Logistika merkezlerini we ammarlary gurmak üçin ýörite ýer bölünip berler hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Astrahan sebitinden bir kompaniýa saýlanyp alnar» diýdi.

Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri degişli taslamany durmuşa geçirmek barada Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda ylalaşyk gazanylandygyny belläp, logistika merkezini döretmek boýunça iş meýilnamasynyň taýýarlanyp, soň onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine ugradyljakdygyny mälim etdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler