BIZNES

Türkmenistan “ADIPEC 2023” sergisine gatnaşar

2 – 5-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “ADIPEC 2023” sergisi geçiriler. Onda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň energetika toplumy tanyşdyrylar.

ADIPEC – bu energetika toplumynda iň iri weklçilikli çäreleriň biridir. Oňa şu ýyl dünýäniň 28 döwletinden 2200-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar Abu-Dabide bu toplumyň her pudagy üçin möhüm meseleleri, işewürlik we bazar ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

“ADIPEC 2023” işewür giňişligiň ikitraplaýyn söwdany we innowasiýalary ösdürmek üçin meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilikleri hödürleýär. Onda ministrleriň, baş direktorlaryň, syýasatçylaryň we täsirli adamlaryň 1500-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýan halkara forumynda energetika ulgamynda iň täze tehnologiýalar we täzelikler tanyşdyrylar.

Türkmenistanyň energetika ulgamynyň düzümleriniň “ADIPEC 2023” forumyna gatnaşmagyndan soňra, Aşgabatda 25 – 27-nji oktýabrda geçiriljek “Türkmenstanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatyny geçirmäge güýçli depginde taýýarlyk görler.

Häzirki wagtda oňa gatnaşmaga dünýäniň 23 döwletinden 300-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy hasaba alyndy. Wekilleri hasaba almak işi 16-njy oktýabra çenli dowam edýär.

“Çalık Enerji” we “Petronas” kompaniýalary bu forumda altyn hemaýatkär bolup gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Kompanýalaryň ikisi hem energetikaulgamynda Türkmenistanyň ozaldan gelýän ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşlarydyr. Halkara forumda bu kompaniýalar özleriniň üstünliklerini we türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny we mümkinçiliklerini tanyşdyrarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder