JEMGYÝET

Türkmenistan-ABŞ: Howpsuzlyk Geňeşindäki özgertmeler boýunça pikir alyşdylar

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň ABŞ-niň BMG-däki Hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň öňümizdäki 77-nji sessiýasy hem-de iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary we BMG-däki özgertmeler bilen bagly meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Ilçisi söhbetdeşligiň başynda BMG-niň BA-nyň «Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamasyny goldandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi we onuň kabul edilmeginiň netijeleri boýunça ABŞ-niň wekiliniň oňyn çykyş edendigini aýratyn belläp geçdi.

A.Ataýewa Türkmenistanyň BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasyndaky ileri tutýan ugurlary barada jikme-jik aýtmak bilen, parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, zenan parlament agzalary, öňüni alyş diplomatiýasy we ulag ugurlaryndaky başlangyçlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda BMG-däki, hususan-da Howpsuzlyk Geňeşindäki özgertmeler boýunça pikir alşyldy. Taraplar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň işinde açyklygyň zerurdygy hem-de aýratyn amallaryň gaýtalanmazlygy üçin BMG-niň düzümleriniň özgerdilmegi pikirlerinde ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar