DÜNÝÄ

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Montana ştatynyň General maýory, General adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň Baş serkerdesi we Montana ştatynyň Döwlet departamentiniň Harby meseleler boýunça müdiri Jon P. Hronek bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi, ABŞ-nyň Milli gwardiýa býurosy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň gaýtadan täzelenmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu maksatnamanyň netijesinde Newada ştatynyň Milli gwardiýasy tarapyndan ýerine ýetirilen birnäçe öndürijilikli alyş-çalyşlar, okuwlar durmuşa geçirildi.

Şeýle hem taraplar tebigy betbagtçylyklaryň we adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerine garşy göreşmek hem-de ýok etmek, kiber goragy we kiber howpsuzlyk, inženerçilik we gurluşyk işler we ş.m ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky harby edaralaryň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Her ýyl hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabatda we Türkmenistanyň daşynda hem amerikan we türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreler we okuwlar geçirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Konstitusion kanunyna we ýurduň harby doktrinasyna laýyklykda Türkmenistanyň ABŞ bilen harby hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi