JEMGYÝET

Türkmenistan: ABŞ-a giriş boýunça çäklendirmeler aşa düşünişmezlik döredýär

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BMG-niň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk, durmuş, ynsanperwer we beýleki meseleleriniň çözülmegini kadalaşdyrýan konwensiýalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekdäki tejribesi dünýäde ilkinjileriň hataryndadyr. Bular barada BMG we beýleki abraýly halkara guramalarynyň howandarlygynda geçirilýän dürli halkara forumlarda yzygiderli bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan ikitaraplaýyn ylalaşyklara laýyklykda daşary ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ikitaraplaýyn esasda raýatlaryň girmegi we çykmagy bilen bagly meselelere netijeli garaýar. Munuň özi gyzyklanma bildirýän taraplaryň kanunçylygynyň berjaý edilşine talabalaýyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen tarapynyň çuňňur ynamyna görä, beýan edilen çäklendirmelere kybap çäreler kabul edýän ýurtda daşary ýurt raýatlarynyň gödek hukuk bozulmalary amala aşyran ýagdaýlarynda girizilýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurtlara, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň kanunlary berjaý etmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek.

Beýan edilenlere esaslanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýokarda agzalan çözgüde ugurlaryň giň toplumy boýunça ikitaraplaýyn türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ýokary netijelerini, şeýle hem onuň häzirki oňyn depginini, şol sanda migrasiýa syýasaty ýaly möhüm ugurdaky ösüşini göz öňünde tutmaýan gyssagly ädim hökmünde garaýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Ýene-de okaň

Braziliýa 23-nji, Ekwador 5-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar

«Turkmentextile Expo-2025»: ýerli we halkara moda görkezilişi

Ata Watan Eserleri

«Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Tailandy 3:1 hasabynda ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady