BIZNES

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýrar

Häzirki wagtda Türkmenistanyň gaz senagaty ýangyç-energetika toplumynyň esasyny düzýär we senagat önümçiliginiň möçberiniň ýarysyndan köpüsini eýeleýär. Önümçilik prosesiniň ähli tapgyrlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen täze ýataklary gözlemek, barlamak we özleşdirmek boýunça işler işjeň alnyp barylýar.

Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, Türkmenistan energetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we beýleki degişli çäreleri durmuşa geçirmek arkaly 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýyrmagy, uzak möhletleýin döwürde her ýyl öz hasabyna zyňyndylary ep-esli azaltmagy, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň goldawy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryna goşant goşmagy meýilleşdirýär. Bu barada TDH agentliginiň synynda habar berilýär.

Şeýlelikde, aýratyn ähmiýet berilýän ägirt uly «Galkynyş» ýatagynda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen gazy gaýtadan işleýän toplumlar guruldy, bu bolsa atmosfera goýberilýän zyýanly zyňyndylary azaltmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň çäklerinde döredilen MARS sanly platformasynyň işine gönüden-göni gatnaşmaga uly ähmiýet berýär.

Energetika pudagyndaky möhüm meseleleri çözüp bilýän nebit-gaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, ylmy kuwwatyň artdyrylmagyna, toplumy ösdürmekde ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň ornuna aýratyn üns berilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

2023-nji ýylda Türkmenistanda 11 müňden gowrak täze iş orunlary döredildi

Niderlandlaryň agrosenagat kompaniýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy

«Türkmenistan» banky: «Onlaýn halkara töleg» hyzmaty hödürlenýär

2025-nji ýylda geçiriljek halkara forumlar we sergiler

Özbegistan we Gazagystan täze demir ýol bilen birikdiriler