MEDENIÝET

Türkmeniň Şeýda Bilbili

Ömrüni türkmen teatryna we opera sungatyna bagyşlan Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa halkymyzyň şeýda bilbili hasaplanýar. Çünki ol özüniň ajaýyp heňi, üýtgeşik sesi bilen ençeme tomaşaçylary maýyl etdi. Maýa Kulyýewa diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýä ýurtlarynda hem meşhurdygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Ynha, 2020-nji ýylyň maý aýynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa ýüz ýyl dolýar. Biz hem okyjylarymyza halypa operaçy, teatr ussady Maýa Kulyýewa  barada dürli ýyllarda metbugatda çap edilen makalalara salgylanyp, gyzykly maglumatlary siz bilen paýlaşmagy müwessa bildik.

1920-nji ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynyň Akdaşaýak obasynda Hydyrguly aga bilen Ogulşeker ejäniň alty perzendiniň biri bolup dünýä gelen gyzjagaza Mamajan diýip at dakýarlar. Ogulşeker eje atly keşdeçi eken, gijelerine tara dokaýar. Çagalaryna türkmeniň milli mirasyna uly sarpa goýmaklygy ündeýär. Ýöne, arman, şol döwrüň ýetde-gütdeligi çagalary ene-atadan ir mahrum edýär. Hossarlary çagalary Büzmeýiniň çagalar öýüne tabşyrýarlar. Ol ýerde Mamajanyň adyny Maýa diýip tutýarlar. Şeýdibem, ol Maýa bolup galyberýär. Ol 16 ýaşynda Aşgabadyň pedagogik uçilişesinde okap başlaýar. Uçilişede Allanazar Rejepow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän gyzlar hor topary bar eken. Maýa-da bu toparda kämilleşmek bilen aýdym-saz bäsleşiklerine gatnaşýar. Ol has hem türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegi halaýar. Aýdymçy gyz bäsleşikleriň birinde «Garybym» diýen halk aýdymyny aýdýar. Onuň mylaýym sesi, aýdymy ussatlyk bilen aýdyşy köpleriň göwnünden turýar. 1937-nji ýylda ol Aşgabatda geçirilýän çeper höwesjeňleriň respublikan gözden geçirilişine gatnaşanda, egni keteni köýnekli, başy kümüş gupbaly, lybaslaryna şaý-sep dakylan gyz sahna çykmaga ýaýdanýar, aljyraýar. «Şol wagt sesim maňa ýat we uzaklarda ýaňlanýan ýaly bolup göründi. Öz sesimden gorkdum» diýip, halypa gürrüňçilikde ýatlaýardy. Bu çykyş onuň ömür kerwenini, ykbalyny aýdym-saz bilen baglan taryhy wakalaryň biri bolýar. Ol türkmen aýdym-saz sungatynyň läheňleri Sahy Jepbarow, Magtymguly Garlyýew, Oraz Salyr, Pürli Saryýew dagy bilen Moskwa gidip, Bütinsoýuz radiosynda aýdymlaryny ýazgy etdirýär. Kompozitor zenan Esfira Moiseýewanyň şahyr Garaja Burunowyň sözlerine döreden «Ur, çekijim, ur!» diýen aýdymyny öz ýerine ýetirmeginde radioda diňlände has hem ruhlanýar. 1938- nji ýylda Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölümine okuwa giren Maýa Kulyýewanyň şäheriň Uly teatryna hepdede bir gezek mugallymlary bilen gidip, operalara tomaşa etmegi, Dzeržinskaýa, Kozlowskaýa, Barsowa ýaly ajaýyp artistleriň ariýalary aýdyşlaryny diňlemegi onuň saz älemine bolan dünýägaraýşyny artdyrýar. Ol köp wagtyny roýalyň başynda oturyp, sesini kämilleşdirýär, onuň üstünde işleýär. Çekýän irginsiz zähmetiniň netijesinde Maýa Kulyýewanyň tebigy sesi professional saz sungatynyň köptaraply soprano sesiniň açylmagyna ýardam edýär. Ol dünýä belli kompozitorlar Bethoweniň, Werdiniň, Glinkanyň, Çaýkowskiýniň, Mosartyň ýazan operalaryndan ariýalary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başarýar. Aşgabatda Türkmen opera we balet teatryny açmakçy bolanlarynda türkmen oglan-gyzlaryndan aýdym-saz bilen meşgullanýan milli hünärmenler gerek bolýar. Şeýle ýagdaýda Maýa Kulyýewa boýdaşy Adygül Orazowa, ady belli kompozitorlar bolup ýetişen Hydyr, Ylýas Allanurowlar, Aşyr, Gurban Kuliýewler bilen wagt tapyp, teatrda goýuljak ilkinji operada çykyş etmeklige höwes bildirýärler. Taýýarlyk işleri üstünlikli geçýär. «Bagşynyň ykbaly» atly operada Maýa Kulyýewa Uzukjanyň keşbini janlandyrýar. Ýokary perdede ýaňlanan ariýa tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. 1941-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabatda ilkinji opera we balet teatry açylýar. Teatra zehinli režissýor Alty Garlyýew ýolbaşçy bellenilýär, Hydyr Allanurow bolsa dirižýor bolýar. Watançylyk urşunyň gidip durandygyna garamazdan, teatryň artistleri halkyň ruhuny galdyrmak üçin dürli operalar bilen çykyş edýärler. Moskwanyň we beýleki şäherleriň saz sungaty boýunça ýokary okuw mekdeplerini gutaryp gelen, soňra milli opera sungatynyň ussatlary bolup ýetişen ýaşlar operalardaky gahrymanlaryň keşplerini döredip, tomaşaçylary begendirýärler. Teatryň artistleri medeniýet we sungat işgärlerinden düzülen topar bilen urşuň dowam edýän gyzgyn nokatlarynda bolup, özleriniň çykyşlary bilen esgerleri beýik ýeňşe ruhlandyrýarlar. Olaryň arasynda Maýa Kulyýewanyň ýanýoldaşy, Türkmenistanyň halk artisti Hojadurdy Annaýew hem bardy. Türkmen opera we balet teatrynyň ýolbaşçysy, şol bir wagtda-da režissýory Alty Garlyýew Maýa Kulyýewanyň zehinine uly baha bermek bilen, oňa teatrda goýulýan operalaryň baş gahrymanlarynyň keşbini döretmekligi ynanypdyr. Sebäbi adygyp ugran aýdymçy zenanyň döredýän keşpleri ynandyryjydy, ariýalaryň ýerine ýetirilişi ussatlygyň ýokary derejesindedi. Ýöne ýerden kärdeşleri Maýa Kulyýewa: «Teatrymyzyň şeýda bilbili» diýip, oňa hormat bilen ýüzlenmedik bolsalar gerek?! Zehinli aýdymçynyň «Zöhre—Tahyrda» Zöhräniň, «Abadan» operasynda Abadanyň, «Şasenem—Garypda» Şasenemiň we Garybyň ejesiniň, «Leýli—Mejnunda» Leýliniň, «Ýewgeniý Oneginde» Tatýananyň we ýene-de köp-köp gahrymanlaryň keşpleri, onuň belent heňli aýdan ariýalary uzak wagtyň dowamynda tomaşaçylaryň kalbynyň töründe orun aldy. Onuň mahmal sesi dünýäniň köp ýurtlarynyň sahnasynda ýaňlandy. Aýdym-sazyň muşdagy bolan türkmen halky beýik ussadyny hiç wagt unutmaýar, hemişe ýagşylykda ýatlaýar. Arada ýaşuly zenanlaryň biri bilen Maýa Kulyýewany ýatlap otyrkak, ol: — Halypanyň türkmen kinolarynda döreden keşplerini diýsene! Ho-ol «Çopan ogly» filmindäki Şekeriň keşbi, Maýa Kulyýewanyň türkmen zenanyna mahsus owadanlygy, gelşikli lybasy şu günki ýaly göz öňümde — diýdi. Bu, hakykat. — Opera — bu aýdym-saz sungatynyň gaýmagy. Gaýmak bolsa näzik bolýar. Diýmek, näzikligi ynjytmazlyk üçin oňa seresap çemeleşmeli, goramaly. Bu opera aýdymçysynyň sesiniň, bokurdagynyň üstünde yzygiderli işlemelidigini, ony gorap saklamalydygyny aňladýar — diýip, ussat halypa aýdardy. Ol öz şägirtlerinden hem işjanly bolmagy talap ederdi.

Türkmeniň belent owazly, mylaýym sesli şeýda bilbili, türkmen opera sungatynyň ösmegine we kämilleşmegine, onuň ussat aýdymçy ýaşlar bilen baýlaşmagyna aýratyn uly goşant goşan Maýa Kulyýewanyň çeken zähmetine ýokary baha berildi. Oňa 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 1955-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy. Türkmen medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen 2008-nji ýylda Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň eýesi boldy. Şeýle hem Maýa Kulyýewa «Altyn Aý» altyn medalynyň eýesidir. Onuň ady Türkmen milli konserwatoriýasyna dakylyp, ebedileşdirildi.

Sözümiziň ahyrynda halypanyň şu sözlerini ýatlap geçsek, örän ýerlikli bolar diýip hasaplaýarys. Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa «Eger-de sesiňi aýap saklasaň, ýüzüňe ýygyrt düşse-de sesiňe ýygyrt düşmez» — diýip, şägirtlerine ündeýär ekeni. Halypanyň her bir aýdan sözleri, şägirtleri üçin iň gowy görelde mekdebi hasaplanýar.

 

 

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary