BIZNES

Türkmeniň aýna önümlerine uly gyzyklanma

2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Aşgabadyň golaýyndaky “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň önümçiliginiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41,2 göterim artdy. Bu barada ýerli metbugat habar berýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, degişli döwürde kärhana 89 million 741 müň 108 manat önüm öndürdi.

Zawod ýerli çig maldan “Float” görnüşli aýna (ýalpyldawuk, tekiz aýna) we azyk we lukmançylyk senagaty üçin dürli görnüşli çüýşe gaplary öndürýär.

Merkezi Aziýanyň iň iri önümçilik desgalarynyň biri bolan kärhananyň önümlerine uly isleg bildirilýär we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt firmalary tarapyndan yzygiderli satyn alynýar.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy 2018-nji ýylda ulanmaga berildi. Türkiýäniň “Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi” kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga beren bu ajaýyp senagat toplumynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýüzi örtükli aýnanyň 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň hem 300 müň, aýna paketleriniň bolsa, 400 müň inedördül metrini öndürmek göz öňünde tutuldy.

Kärhana Germaniýa, Belgiýa, Awstriýa, Italiýa we Finlýandiýa ýaly döwletleriň önüm öndürijileriniň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

 

Nobatdaky bäsleşikli söwda

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bitaraplygyň 30 ýyllygyna täze «Yutong» awtobuslaryny satyn alar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň BAE iş sapary tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Ata Watan Eserleri

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýrar