JEMGYÝET

“Türkmengaz”-“QazaqGaz”: tebigy gazy import etmek we bilelikdäki taslamalar maslahatlaşyldy

Gazagystanyň “QazaqGaz” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Sanžar Žarkeşowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Bu barada Gazagystanyň degişli edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Gazagystanyň milli gaz kompaniýasynyň ýolbaşçy düzümi Aşgabada amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar bilelikdäki hünärmen toparlayrnyň işini işjeňleşdirmek boýunça ylalaşdylar. Hususan-da, taraplar türkmen tebigy gazyny import etmek, şeýle hem geologiýa gözleg işleri boýunça bilelikdäki taslamalaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşyk iki ýurduň arasynda ýokary derejede gazanylan strategik ylalaşyklaryň dowamy bolup durýar. Taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini belläp, şol sanda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “QazaqGaz” kompaniýasynyň arasyndaky gatanaşyklaryň ähmiýetini bellediler.

2024-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelipdi. Şol saparda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “QazaqGaz” kompaniýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça möhüm ylalaşyga gol çekilipdi.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy