BIZNES

“Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

“Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Zufar Narzullaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgababat şäherinde iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň demirýol ulaglary edaralarynyň arasynda geljekde demirýol ulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Iş ýüzünde biziň ýurtlarymyz ulag arabaglanyşygyny, üstaşyr ýükleri we ýolagçy gatnawyny höweslendirmek bilen tassyklaýar. Bu nukdaýnazardan, 2011-nji ýylda Aşgabat Ylalaşygy diýlip atlandyrylýan Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris-diýip myhman nygtady.

Kataryň, Gazagystanyň we Hindistanyň hem bu Ylalaşyga goşulandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda “CASCA +” diýlip atlandyrylýan we “Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa” Halkara multimodal geçelgesiniň çalt depginde ösýändigi bellenildi.

Iki goňşy ýurtlar bolan Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebitara söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde ornunyň artýandygyny, iki doganlyk döwletleriň ulag mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň we ýük dolanyşygyny artdyrmak üçin amatly nyrh şertleriniň döredilmeginiň zerurdygyny taraplar bellediler.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň demirýolçulary dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlardygy ösdürmekde has-da uly goşant goşjakdyklary barada aýratyn nygtap geçiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy