BIZNES

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodda täze taslama

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyň öňnüde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem tehnologik desgalary abat saklamak, önümçilik işlerini bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek barada konsorsiumyň düzümine girýän Hytaý Halk Respublikasynyň “Gonkong INVEST Enterprises Limited” kompaniýasy we “Azap” hususy kärhanasy bilen şertnamany işleri 18 aýyň dowamynda tamamlamak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Hormatly Prezidentimiz bu resminama sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň elektrik beketleriniň düýpli tehnologiki taýdan täzelenmegi, toplumyň bar bolan we meýilleşdirilen desgalaryna elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

 

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş maksatnamasyny kabul etdi

Türkmenistan IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

SOCAR bilen german kompaniýasy gaz satyn almak boýunça 10 ýyllyk şertnama baglaşdy

«Daýhanbank»:bank kartlarynyň sany 2 milliondan geçdi

Pileçilerimiz Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyrdy

Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy