BIZNES

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ylalaşyklara gol çekişdi

Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Arkadag şäheri – akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri” atly halkara maslahaty geçirildi. Guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, täze şäheriň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan onlaýn tertipde hem geçirildi.

Halkara forum ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň agentlikleriniň ýolbaşçylaryny, daşary ýurtlaryň ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijilerini, öňdebaryjy tehnologiýalary we hyzmatlary işläp taýýarlaýjylary, iri halkara aragatnaşyk operatorlaryny, halkara guramalaryň we düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.

«Akylly we ýaşyl şäherler» – şäher infrastrukturasyny durnukly we netijeli ösdürmegiň girewi” atly umumy mejlisde durnukly, durmuşa ukyply şäherlere hem-de amatly ýaşaýyş üçin şäher gurşawyny döretmek, ykdysady ösüşi ilerletmek, häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen «NEC Communication and Information Technologies Ltd» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen «DeltaTelecom» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär